Ýörelgeler we wezipeler

Adalatçy öz işinde garaşsyzlyk, kanunylyk, tarapgöýsüzlik, elýeterlilik, maglumatlaryň ýaşyrynlygy, kemsidilmelere ýol berilmezligi, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ileri tutulmagy, adalatlylyk, dogruçyllyk we aýanlyk ýörelgelerine esaslanýar

Garaşsyzlyk ýörelgesi

Adalatçy öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranynda garaşsyzdyr we haýsydyr bir döwlet edaralaryna we wezipeli adamlara hasabat berýän däldir.

Adalatçy öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetireninde özbaşdakdyr we döwlet edaralaryna, wezipeli adamlara, syýasy partiýalara we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerine wekilçilik etmeýär.

Adalatçynyň çözgütleri Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, kanunlaryna we halkara şertnamalaryna, adam hukuklary babatda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk gelýän, syýasy tarapgöýliklerden erkin hukuk garaýyşy aňladýar.

Eldegrilmesizlik ýörelgesi

Adalatçynyň işine gatyşylmagynyň, eldegrilmesizligine kast edilmeginiň, şeýle hem onuň işine başga ýol bilen päsgel berilmeginiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýändigi bellenilýär. 

Adalatçy we onuň orunbasary şahsy eldegrilmesizlik hukugyna eýe bolup, Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bolmazdan, olaryň jenaýat jogapkärçiligine we kazyýet tertibinde administratiw jogapkärçilige çekilip, tutulyp saklanylyp, tussag edilip, mejbury getirilmäge we ýanynyň dökülmegine sezewar edilip bilinmeýändigini kesgitleýär. 

Adalatçynyň we onuň orunbasarynyň eldegrilmesizligi olaryň ýaşaýyş we gulluk jaýlaryna, ýüküne, şahsy we gulluk ulagyna, hat alyşmaklaryna we gulluk resminamalaryna, olaryň ulanýan aragatnaşyk serişdelerine degişlidir. Olarda dökmegi we almagy geçirmek, gepleşikleri diňlemek we olaryň öz ýanyny dökmek, şeýle hem hat alyşmalaryny, emlägini we resminamalaryny almak diňe Türkmenistanyň Baş prokurorynyň sanksiýasy bilen amala aşyrylyp bilner.

Adalatçynyň wezipeleri

   Adalatçynyň esasy wezipelerine adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine, adamyň we raýatyň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine, adam hukuklary babatda halkara şertnamalaryny tassyklamaga, bu ugurda kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary, olary goramagyň görnüşleri we usullary babatda raýatlaryň hukuk taýdan aň-bilimliligine, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda döwlet edaralarynyň arkalaşykly hereketlerine, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we utgaşdyrylmagyna ýardam etmek degişli bolup durýar. 
  Adalatçy döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, wezipeli adamlaryň, döwlet gullukçylarynyň çözgütlerine we hereketlerine bolan şikaýatlaryna, eger öň arza
beriji bu çözgütlere ýa-da hereketlere kazyýet ýa-da administratiw tertipde şikaýat edip, kabul edilen çözgütler bilen razy bolman beren şikaýatyna seredýär.

Adalatçynyň öz işi hem-de ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda her ýylky maglumaty Adalatçynyň aýratyn wezipesi bolup, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň seretmegine berilýär. Şeýle hem şu maglumat bilen Adalatçy Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş edýär.

Adalatçynyň ygtyýarlyklary

Adalatça adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmalarynyň faktyny anyklamak maksady bilen gelip gowşan ýüz tutmalaryň esasynda, şeýle-de öz başlangyjy boýunça, eger hukuk bozulmalar barada resmi çeşmelerden ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden özüne mälim bolsa, öz başlangyçlary esasynda barlag geçirmek hukugy berlendir.

Adalatçy döwlet häkimiýet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, düzediş we beýleki ýöriteleşdirilen edaralara, harby bölümlere we harby edaralara päsgelçiliksiz we öňünden duýdurmazdan barmaga, döwlet häkimiýet edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň wezipeli adamlaryndan zerur resminamalary, materiallary, beýleki maglumatlary we olaryň düşündirişlerini soramaga we almaga, anyklanylmaga degişli meseleler boýunça bilermen barlaglarynyň geçirilmegini, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan wezipeli adam babatda düzgün-nyzam ýa-da administratiw önümçiligini ýa-da jenaýat işini gozgamak hakynda teklip bilen ygtyýarly döwlet edaralaryna ýa-da wezipeli adamlara ýüz tutmaga ygtyýarlydyr.