Döwletimiziň syýasy ulgamyny we onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmekde 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasy möhüm orun eýeleýär. Esasy Kanunymyzda ýurtda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy, ony goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesidigi yglan edildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasyna girizilen esasy goşmaçalaryň biri hem Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliniň institunynyň döredilmegi we ony saýlamagyň tertibi baradaky kadalaryň girizilmegidir.
“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 2016-njy ýylyň noýabrynda kabul edildi. Kanun taslamasyny taýýarlamak işine milli bilermenler bilen bilelikde halkara bilermenler hem çekildi we daşary ýurtlaryň iň gowy tejribeleri göz öňünde tutuldy. Kanun «Pariž ýörelgelerine» laýyklykda işlenip düzüldi we onda Adalatçynyň institusional garaşsyzlyk kepillikleri hem-de giň ygtyýarlyklary berkidildi.
Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy wezipesi, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet goragynyň kepilliklerini üpjün etmek, olaryň döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary tarapyndan berjaý edilmegini hem-de oňa sarpa goýulmagyny gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda döredildi.
Kanun bilen Adalatçynyň hukuklary, borçlary, işiniň esasy ugurlary, kepillikleri we ygtyýarlyklary düzgünleşdirildi. Adalatçy institutynyň özboluşly aýratynlygy, onuň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranda haýsydyr bir döwlet edaralaryna we wezipeli adamlaryna garaşsyz bolmagyndan hem-de olara hasabat bermeli däldiginden ybaratdyr. Adalatçynyň kararyna ýa-da hereketine täsir etmek ýa-da onuň işine päsgel bermek maksady bilen Adalatçynyň işine gatyşmaklyk Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.
Konstitusiýa we «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan hödürlenen üç dalaşgäriň arasyndan ýapyk ses bermek arkaly, deputatlaryň bellenen sanynyň ýönekeý köplügi bilen Adalatçyny 5 ýyl möhlete saýlaýar. 2017-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanda ilkinji gezek Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy saýlandy. Şol ýylyň 8-nji aprelinde Adalatçynyň Diwany döredildi, şol günüň özünde «Adalatçynyň Diwany hakynda» Düzgünnama tassyklanyldy, 12-nji aprelde bolsa Adalatçynyň Buýrugy bilen düzümi dokuz adamdan hem-de Adam hukuklaryny goramak we raýatlaryň ýüzlenmeleri bilen işlemek boýunça bir bölümden ybarat bolan gurluşy we wezipe sanawy tassyklanyldy.
Adalatçynyň Diwanynyň institusional mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyna täsir eden wakalaryň biri hem täze bölümleriň döredilmegi we Adalatçynyň Diwanynyň işgärleriniň sanynyň köpeldilmegidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 14-nji iýunyndaky «Adalatçynyň Diwanynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Kararyna laýyklykda, Adalatçynyň buýrugy bilen Diwanyň täze gurluşy we işgärler sanawy tassyklanyldy. Şoňa laýyklykda, şu günki günde Diwanda 3 bölüm, ýagny «Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda adam hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça», «Aýallaryň we çagalaryň hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça» hem-de «Hususy ulgamda adam hukuklarynyň goragy meseleleri boýunça» bölümler işleýär.
Adalatçynyň işini kämilleşdirmek we Diwanyň gurluşyna üýtgetmeler girizmek kanun esasynda berkidildi. Has takygy, 2024-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Mundan başga-da, Adalatçynyň Diwanynyň Milli adam hukuklary edaralaryň Ählumumy bileleşiginde (GANHRI) akkreditirlenmek bilen bagly amala aşyrylan işlerde gazanylan üstünlikleri bellemek gerek. Bu bileleşik milli adam hukuklary edaralaryň utgaşdyryjy merkezi bolup, adam hukuklaryny goraýan we höweslendirýän milli adam hukuklary edaralaryň hukuk derejesiniň ýörelgelerine, ýagny Pariž ýörelgelerine laýyk gelmegine ýardam berýän ählumumy edaradyr. Bu bileleşikde akkreditirlenmek üçin Adalatçy BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýeti, BMG-niň Ösüş maksatnamasy we Aziýa-Ýuwaş umman Forumy bilen hyzmatdaşlykda degişli çäreleri geçirdi. Geçirilen işleriň netijeleri boýunça 2024-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanyna «B» hukuk derejesi berildi. Bu hukuk derejesiniň berilmegi Adalatçynyň Diwanynyň ýurtda adam hukuklaryny goramak boýunça alyp barýan işiniň netijesidir we Diwanyň bu ugurdaky işiniň halkara standartlaryna laýykdygyny we halkara derejesinde ykrar edilýändigini tassyklaýar.
Gurbannazarowa Ýazdursun - Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy.
1968-nji ýylyň 12-nji iýunynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäherçesinde doguldy. ýokary bilimli, 1994-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini hukukçy hünäri boýunça tamamlady.
Zähmet ýoluna 1985-nji ýylda Bäherden etrap kazyýetiniň kätibi wezipesinden başlap, 2000-nji ýyla çenli Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynda dürli wezipelerde işlän.
Türkmenistanyň Mejlisiniň dört çagyrylyşynyň deputatlygyna saýlanan, 2000 – 2005-nji ýyllar Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysadyýet we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy, 2005 – 2009-nji ýyllar Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy, 2009 – 2010-njy ýyllar Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy bolan.
2010 – 2014-nji ýyllar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň direktory bolup işledi.
2014 – 2016-njy ýyllar Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň baş hünärmeni, 2016 – 2017-nji ýyllar Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy boldy.
2017-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy wezipesine saýlandy.
2022-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy wezipesine gaýtadan saýlandy.
Türkmenistanyň döwlet sylaglary bolan «Gaýrat» medaly, «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna», «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna», «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna», «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» we «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medallary bilen sylaglandy.
Maşgalaly, iki çagasy bar.
