Kitapçalar we makalalar
- Baş sahypa
- Kitapçalar we makalalar
Türkmenistanyň Adalatçysyna dilden we ýazmaça görnüşde ýüz tutmagyň tertibi
Her döwletde Pariž ýörelgelerine laýyklykda hereket edýän adam hukuklaryny goramak boýunça garaşsyz edaralar ähli düzümlerde adamlaryň, şol sanda çagalaryň hukuklaryny goramakda, olaryň bozulan hukuklarynyň dikeldilmegine ýardam etmekde, olaryň hukuklary bilen baglanyşykly meseleler boýunça ilatyň hukuk habarlylygyny ýokarlandyrmakda möhüm edara bolup durýar. Ýurdumyzda çagalaryň hukuklaryny berjaý etmeklige, çagalarymyz üçin döredilýän giň mümkinçiliklere uly üns berlişi ýaly, Adalatçynyň hem aýratyn üns berýän ugurlarynyň biri çaganyň hukuklarynyň goraglylygydyr. Bu ugurda Adalatçynyň diwany BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hyzmatdaşlyga ähmiýet berýär. Şu nukdaýnazardan, Adalatçynyň diwany döredilen gününden bäri onuň esasy halkara hyzmatdaşlarynyň biri hem ÝUNISEF-dir.
Ösüp gelýän ýaş nesliň hukuklary babatda ilatyň bilimliligini we habarlylygyny ýokarlandyrmak her ýylda gol çekilýän bilelikdäki meýilnamalaryň aýrylmaz bölegidir. Häzirki wagtda Adalatçynyň diwany bilen ÝUNISEF-iň arasynda 2021-nji ýyl üçin gol çekilen iş meýilnamasy netijeli durmuşa geçirilýär. Ýaňy-ýakynda bolsa agzalan meýilnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Adalatçysyna dilden we ýazmaça görnüşde ýüz tutmagyň tertibini türkmen, iňlis we rus dillerinde düşündirýän kitapça çap edildi. Kitapçanyň mazmunyny ýörite saýtymyzyň üsti bilen okyjylarymyza ýetirýäris.
ResminamaAdalatçynyň işi barada birnäçe söz
Adalatçynyň diwany BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen «Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional potensialyny ýokarlandyrmak» taslamasyny durmuşa geçirýär. Bu Taslamanyň bir komponenti hem ilatyň giň gatlaklarynyň adam hukuklary, Adalatçynyň wezipeleri we işi baradaky bilimlerini we habarlylygyny ýokarlandyrmak bolup durýar. Taslamanyň şu komponentiniň çäreleri resmi däl bilim, okatmak we maglumat işi arkaly giň jemgyýetçiligiň we aýratyn hem ilatyň aýratyn kömege mätäç toparlarynyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen. Bularyň hemmesi Adalatçynyň esasy wezipeleriniň biri bolan - adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, olary goramagyň görnüşleri we usullary babatynda raýatlaryň hukuk düşünjeliligini giňeltmäge ýardam etmekden gelip çykýar.
Şeýlelikde adam hukuklary boýunça maglumat materiallaryny işläp taýýarlamak we ilatyň arasynda ýaýratmak maksady bilen, bu kitapça taýýarlanyldy. Bu kitapçada Adalatçyny saýlamagyň tertibi, onuň işiniň ýörelgeleri, esasy wezipeleri, ygtyýarlyklary, şikaýatlara seretmegiň şertleri we möhletleri barada maglumatlar beýan edilýär.
KÄMIL JEMGYÝETIŇ BINÝADY
2021-nji ýylyň 19-njy maýynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda tassyklanan «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» tanyşdyrmak maksady bilen geçirilen maslahatyň gün tertibine bu möhüm resminamadan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak bilen baglу meseleler girizildi. Ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň hem-de Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Adalatçynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda adam hukuklaryny üpjün etmek çygrynda degişli halkara düzümler bilen bilelikde ýerine ýetirilmeli çärelere aýratyn ähmiýet berildi.