
Köp soralýan soraglar
Adalatçy Türkmenistanyň raýatlarynyň we Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň, döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, wezipeli adamlaryň, döwlet gullukçylarynyň çözgütlerine we hereketlerine (hereketsizligine) bolan şikaýatlaryna, eger öň arza beriji bu çözgütlere ýa-da hereketlere (hereketsizlige) kazyýet ýa-da administratiw tertipde şikaýat edip, kabul edilen çözgütler bilen razy bolman beren şikaýatyna seredýär.
Adalatça berlen şikaýatda arza berijiniň familiýasy, ady, atasynyň ady, şahsy goly we onuň salgysy, hereketine (hereketsizligine) şikaýat edilýän kärhananyň, edaranyň, guramanyň ady, wezipeli adamyň familiýasy, ady, atasynyň ady, arza berijiniň pikirine görä öz hukuklaryny bozanlaryň hereketleriniň (hereketsizliginiň) düýp manysynyň beýany, şahsy goly bolmalydyr. Şikaýata arza berijiniň talaplaryny tassyklaýan resminamalar we beýleki şaýatnamalar goşulýar.
Adalatça, hukuklary bozulan adamyň bähbitlerine şikaýaty Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde onuň kanuny wekili berip biler.
Adalatça berilýän şikaýat döwlet pajy tölegine degişli däldir. Adalatçy tarapyndan gyzyklanýan taraba edilýän hyzmatlar muzdsuz amala aşyrylýar.
Adalatça arza beriji özüniň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulandygy hakynda mälim bolan ýa-da eger arza berijä öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň beýleki serişdelerini peýdalanyp, ýöne kabul edilen çözgütler bilen kanagatlanmasa, şikaýat boýunça soňky çözgüdiň kabul edilen soňky pursadyndan başlap bir ýylyň dowamynda berlen şikaýatlara seredýär.
Adalatçy esasly sebäpler bolan mahalynda özüne şikaýatlary bermegiň möhletini alty aýdan köp bolmadyk möhlete uzaltmaga hukuklydyr.
Adalatçy tarapyndan öň seredilen şikaýat täze ýagdaýlaryň, wakalaryň görkezilen halatlaryndan başga ýagdaýlara seredilmäge degişli däldir.
Adalatçy şikaýat gelip gowşan gününden başlap on bäş günden köp bolmadyk möhletde, goşmaça barlag zerur bolan halatynda bolsa bir aýdan gijä galman şikaýatlara seredýär. Şikaýata seretmek üçin ýörite barlaglaryň geçirilmegi zerur bolan halatlarynda ol möhlet Adalatçy tarapyndan uzaldylyp bilner, ýöne şikaýata seretmegiň umumy möhleti kyrk bäş günden köp bolmaly däldir.
Adalatçynyň iş önümçiligi Türkmenistanyň döwlet dilinde alnyp barylýar.
Adalatça ýüz tutujylar ene dilinde ýa-da özleriniň bilýän başga dilinde ýüz tutmaga hukuklydyrlar. Şu ýagdaýda ýüz tutuja jogap döwlet dilinde we onuň bilýän diline terjime edilip berilýär.
Adalatçy berlen şikaýaty alyp, çözgüt çykarýar:
eger ol şikaýaty bermegiň tertibi we möhleti hem-de onuň mazmuny hakyndaky talaplara laýyk gelse, ony önümçilige kabul etmek hakynda;
eger ol şikaýaty bermegiň tertibi we möhleti hem-de onuň mazmuny hakyndaky talaplara laýyk gelmese, ony önümçilige kabul etmekden ýüz döndermek hakynda;
öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdeleri barada arza berijä düşündirmek hakynda.