Kitapçalar we makalalar
Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň Strategik meýilnamasy tassyklanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň işi döwrüň we halkara hukuk kadalarynyň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Adalatçysynyň 2024-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndaky №6 belgili buýrugy bilen “Adalatçynyň diwanynyň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Strategik meýilnamasy” tassyklanyldy. Adyndan belli bolşy ýaly, bu köpýyllyk meýilnama Adalatçynyň diwanynyň geljek bäş ýylda, ýagny 2024 – 2028-nji ýyllarda alyp barjak işleriniň we çäreleriniň meýilnamasydyr. Meýilnama taýýarlanylanda ýurdumyzyň milli kanunçylygyna, adam hukuklarynyň dürli ugurlary boýunça kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalardyr meýilnamalara, halkara bilermenleriň tekliplerine ähmiýet berildi, şeýle hem Adalatçynyň diwanynyň ýedi ýyllyk iş tejribesi göz öňünde tutuldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan tassyklanan we üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda adam hukuklaryny goramak ulgamyny kämilleşdirmegi, şol sanda Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiligini pugtalandyrmak babatda wezipeleriň ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulan. Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany tarapyndan bu meýilnamada göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek we diwanyň köpýyllyk meýilnamasyny taýýarlamak maksady bilen, halkara guramalarynyň wekilleriniň hem-de garaşsyz bilermenleriň gatnaşmagynda birnäçe çäreler geçirildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekilhanasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, 2023-nji ýylyň 17-20-nji oktýabry aralygynda Aziýa-Ýuwaş umman forumynyň (AÝF) halkara bilermenleriniň ýurdumyza iş sapary gurnaldy.
Saparyň çäklerinde halkara bilermenleriň Adalatçynyň diwanynyň işgärleri bilen Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiligini pugtalandyrmak boýunça geňeşmeleri geçirildi we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen Adalatçynyň diwanynyň arasyndaky taslamanyň çäginde 2022-nji ýylda geçirilen Adalatçynyň diwanynyň mümkinçiliklerini bahalandyrmagyň netijelerine laýyklykda, Adalatçynyň diwanynyň köpýyllyk strategiki meýilnamasy taýýarlanyldy.
Hormatly okyjylar! Biz saýtymyzyň okyjylarynyň tanyşmagy üçin “Adalatçynyň diwanynyň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Strategik meýilnamasyny” dolulygyna türkmen, iňlis we rus dillerinde ýerleşdirmegi makul bildik.
KÄMIL JEMGYÝETIŇ BINÝADY
2021-nji ýylyň 19-njy maýynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda tassyklanan «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» tanyşdyrmak maksady bilen geçirilen maslahatyň gün tertibine bu möhüm resminamadan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak bilen baglу meseleler girizildi. Ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň hem-de Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Adalatçynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda adam hukuklaryny üpjün etmek çygrynda degişli halkara düzümler bilen bilelikde ýerine ýetirilmeli çärelere aýratyn ähmiýet berildi.